Mazmuna geçiň

Çinua Açebe

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Maksimus (gürleşme | goşantlar) tarapyndan döredilen 21:08, 25 mart 2012 seneli wersiýa

Çinua Açebe


Nigeriýanyň beýik ýazyjysy, dünýä belli kyssaçy Çinua Açebe 1930-njy ýylyň 16-njy noýabrynda, Anambra ştatynyň Ogidi şäherinde dünýä indi. Ýazyjynyň hakyky ady – Albert Çinualumogu Açebe. Çagalykdan çeper edebiýata imrinen ýazyjy başlangyç bilimini dogduk mekanynda alypdyr. 1948-nji ýylda Nigeriýa Garaşsyzlygyny gazananyndan soň, bu ýerde ilkinji ýokary okuw jaýy bolan Ibadan Uniwersiteti açylypdyr. Beýleki meşhur ýazyjylar Wole Şoýinka, Eleçi Amadi, J.P.Klark, Kristofer Okigbo bilen birlikde, Açebe hem bu uniwersitetiň ilkinji uçurymlarynyň biridir. Ol iňlis dili, taryh we ylahyýet hünärleri boýunça okuwyny tamamlaýar, soňra radioda işleýär. 1958-nji ýylda Açebeniň «Ähli zatlar pytraýar» atly ilkinji we iň belli romany çap edilýär. Bu roman Afrika edebiýatynyň iň köp okalýan we iň köp terjime edilýän eseridir. Mundan soň Açebe «Indi rahatlyk ýok», «Hudaýyň oky», «Halkyň adamy» romanlaryny döredýär. Bu eserler hem okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. 70-nji ýyllarda ýazyjy ABŞ göçýär. Bu ýerde ol birnäçe esselerini, goşgylaryny, hekaýalaryny çap etdirýär. «Sawannanyň garynjalary» atly indiki we, şu wagta çenli, iň soňky romanyny ýazyjy 1988-nji ýylda çap etdirdi. 1990-njy ýylda Açebe awtomobil heläkçiligine uçraýar, şondan bäri aýagy maýyp galýar. Soňky döwürde ol çeper eser döretmegini bes edip, diňe makaladyr, ylmy işlerini çap etdirýär. Ýazyjy birnäçe uly baýraklara, şol sanda 2007-nji ýylda Halkara Buker baýragyna hem mynasyp boldy.