Gabriel Garsia Markes
Gabriel Garsia Markes
(1924 ý.)
Kolumbiýaly dünýä belli ýazyjy, edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi (1982) Gabriel Hose de la Konkordia Garsia Markes 1927-nji ýylyň 6-njy martynda, Arakataka şäherçesinde dünýä indi. Mekdebi tamamlanyndan soň, ol 1946-njy ýylda Bogotanyň milli uniwersitetine, hukuk hünäri boýunça okuwa girýär. Emma 1950-nji ýylda okuwyny doly tamamlaman, ömrüni edebiýata bagyş etmek kararyna gelýär.
1954-nji ýylda Markes «El Espektador» gazetinde işläp başlaýar we döwrüň iň möhüm meselelerine seslenip, galamgär hökmünde uly üstünlikler gazanýar, emma çeper eserleri ýazmagy hem bes etmeýär. 1961-nji ýylda onuň «Polkownige hiç kim ýazanok» atly meşhur powesti, 1966-njy ýylda bolsa «Agyr döwür» romany çap edilýär. Emma diňe 1967-nji ýylda ýazylan «Ýüz ýyl ýalňyzlyk» romany ýazyjynyň adyny bütin dünýä äşgär edýär. Bu eser XX asyryň iň ajaýyp eserleriniň biri hökmünde ykrar edilýär. Mundan soň Markes birnäçe powestler we hekaýalar ýygyndylaryny çap edýär. Olaryň ählisi okyjylar tarapyndan gyzgyn garşy alynýar.
1985-nji ýylda Markes «Mergi döwründäki söýgi» atly deslapky romanyny tamamlaýar. Ýazyjynyň bu eseri boýunça düşürilen çeper film tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýär. 2002-nji ýylda çykarylan «Gürrüň bermek üçin ýaşamak» atly awtobiografik kitabynda bolsa ýazyjy ömrüniň iň wajyp pursatlaryny ýatlap geçýär. Markesiň her bir eseri dünýäniň ähli dillerine diýen ýaly terjime edilip, edebiýaty söýýän her bir okyjynyň ýüreginde baky orun eýeleýär. Häzir hem 84 ýaşan Markes saglyk ýagdaýynyň agyrlaşandygyna garamazdan, okyjylaryny täze eserler bilen ýene begendirjekdigini söz berýär.