Gwineýa
| |||||
Gwineýa Günbatar Afrikada ýerleşýän döwlet. Paýtagty — Konakry. 245857 km2 ilaty 7 mln 600 müň adam. Döwlet dili – fransuz dili. Pul birligi- gwineýa franky. Dini musulmançylyk – 854. döwlet gurluşy – respublika, baştutany prezident 8 welaýata bölünýär.
X-XI asyrda Gwineýanyň köp bölegi Altyn kenaryň düzümine girýärdi. XII asyrda Gana imperiýasy dargady. XIII asyrda onuň ornuna malinha halklary tarapyndan döredilen Mali imperiýasy döredi. Bu ýerde yslam dini giň ýaýrady. XVI asyra çenli Mali öz kuwwatyny çaklady. XVII asyrda fulbe döwleti döredi. XIX asyryň ortalarynda fransuzlar bilen fulba serdarlarynyň arasynda göreş başlandy. 1895-nji ýylda Gwineýa Fransuz, Günbatar Afrikasynyň düzümine girizildi. 1904-nji ýylda onuň serhedi dikeldildi. Ol 8 welaýatdan ybarat boldy: Sendan, Mawritaniýa, Gwineýa, Pil çünki kenarlary, Nigera, Dogomeý, Ýokary Wolta.
Birinji jahan urşy döwri Fransuz GünbatarAfrikasy Fransiýanyň azyk üpjün edijisi boldy. Iki jahan urşy aralygynda FGA-sy fransuzlar tarapyndan talanyldy, halky arzan işçi güýji hökmünde talanyldy.
1940-njy ýylyň Gorkut aýynda Fransiýanyň Germaniýa tarapyndan eýelenmegi bilen FGA-sy Wişileriň eline geçdi. Germaniýa bu ýerden pagta, kauçuk we kakao alyp gidýär.
1943-1945-nji ýyllarda FGA-sy iňlis amerikan gözegçiligi astyna düşdi. Ikinji jahan urşundan soň FGA-da milli azat edijilik hereket has-da güýçlenýär. 1946-njy ýylyň Garaşsyzlyk aýynda afrikaly wekilleriň maslahaty boldy.
Onda afrikan halkynyň agyr ýagdaýý baradaky mesele ilkinji gezek seredildi. Maslahatda Afrikanyň demokratik bileleşigi atly guramaçy döredi. Ol baknadarlyga garşy göreşýärdi. Bu gurama 1949-1950-nji ýyllarda fransuzlar tarapyndan yzarlanyp, öz işini üýtgetdi. 1957-nji ýylda “Afrikanyň garaşsyzlyk partiýasy” atly gurama döräp, ol diňe Gwineýa däl bütin Afrika özbaşdaklyk berilmegini talap edýär.
1958-nji ýylda Fransiýanyň ähli koloniýalarynda garaşsyzlyk ugrunda çykyşlar başlanýar. 1958-nji ýylyň Fransiýanyň 13 baknalygynda geňeş geçirilýär. Ilatyň garamagyna bir mesele goýulýar. Ol hem ýurduň özbaşdaklygyna ýa-da indiki dörediljek fransuz hyzmatdaşlygy atly birnäçe ýurdy özüne birleşdirýän Fransiýanyň ýolbaşçylygyndaky döwletleriň soýuzyna ses bermelidi. Fransiýa eger haýsy ýurduň halky özbaşdaklyga ses berse, onuň bilen hiç-hili gatnaşyk etmejekdigini aýdyp görkezýär. 1958-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 28-de ähli fransuz 13 baknasynda geňeş geçirilýär. Onda diňe Gwineýanyň halky Senu Tureniň ýolbaşçylygynda özbaşdaklyga ses berýär.
1958-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 20-de özbaşdaklygyny jar edýär. ilkinji prezidenti Seku Turen bolýar. Fransiýa beýleki 12 ýurduň hyzmatdaşlykda galanyna begenip, Gwineýany pes derejä getirmek üçin ähli fransuzlara Gwineýadan tiz çykmaga çagyrýar. Fransuzlar ähli döwlet arhiw dokumentlerini stanoklaryň işleýşi baradaky çyzgylary hem alyp gaýdýarlar. Gwineýa garşy ykdysady gabaw guraýar. Emma Gwineýanyň bu kyn döwri uzaga çekmedi. Ony SSSR goldady. Gwineýa beýleki Afrika baknalaryna görelde boldy.1960-njy ýylda Gwineýa birnäçe Günbatar döwletler bilen gatnaşygy ýola goýdy.
1965-nji ýýlda Fransiýa bilen ilçi gatnaşyklaryny ýola goýdy we ony döwlet agdarylyşygyna synanşykda aýyplady. 1977-nji ýylyň Alp Arslan aýynda Gwineýanyň şäherlerinde bidüzgünçilikler bolýar. Welaýat ýolbaşçylarynyň birnäçesi öldürilýär. 1976-njy ýylda Fransiýa bilen diplomatik gatnaşyklar dikeldildi.
1984-nji ýýlda Gurbansoltan aýynda polkownik Lansano Konteniň ýolbaşçylygynda harby gullukçylaryň topary gandöküşiksiz agdarlyşyk etdi. 1991-nji ýýlda täze konstitusiýa kabul edildi. 1993-nji ýylda ýurduň taryhynda ilkinji gezek köppartiýalylyk saýlaw boldy.
Lansano Konte prezident saýlanyldy. 1995-nji ýylyň saýlawynda ýene-de L/Konteniň “Birlik we ösüş” partiýasy ýeňiş gazanýar. 1996-njy ýylda Konte prezident tarapyndan bellenilýän premýer – ministr wezipesini girizdi.
Afrikanyň ýurtlary |
||
---|---|---|
Ýurtlar | Alžir · Angola · Benin · Botswana · Burkina-Faso · Burundi · Çad · Efiopiýa · Ekwatorial Gwineýa · Eritreýa · Eswatini · Gabon · Gambiýa · Gana · Günorta Afrika Respublikasy · Günorta Sudan · Gwineýa · Gwineýa-Bisau · Jibuti · Kabo-Werde · Kamerun · Keniýa · Komorlar · Kongo Demokratik Respublikasy · Kongo Respublikasy · Kot-d’Iwuar · Lesoto · Liberiýa · Liwiýa · Mawrikiý · Mawritaniýa · Madagaskar · Malawi · Mali · Marokko · Merkezi Afrika Respublikasy · Mozambik · Müsür 1 · Namibiýa · Niger · Nigeriýa · Ruanda · San-Tome we Prinsipi · Seýşeller · Senegal · Somali · Sudan · Sýerra-Leone · Tanzaniýa · Togo · Tunis · Uganda · Zambiýa · Zimbabwe | |
1 Aziýada hem ýerleşýär |