Mazmuna geçiň

Indiwidualizm

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Indiwidualizm (fr. individualisme, lat. individuum — bölünmeýän) — buržuaz ideologiýasyna we moralyna mahsus bolan ahlak ýörelgesi. Indiwidualizmiň teoritiki esasy jemgyýetde şahsyýetiň absolýut hukugyny, absolýut özbaşdaklygyny ykrar etmekden ybaratdyr. Agalyk ediji synplaryň ideologiýalary indiwidualizmi adamyň tebigatyna guýlan, üýtgemeýän hadysa hasaplanylýar. Hakykatda bolsa indiwidualizm ýörelgesiniň sosial esasy hususy eýeçilige daýanýar we ol şahsyýet bilen adamlaryň, kollektiwe, jemgyýete garşy goýulmagyny, jemgyýetçilik bähbidiniň hususy bähbide boýun egdirilmegini aňladýan sosial hadysadyr. Buržuaz teoritikleriň indiwidualizm teoriýa taýdan has doly esaslandyryjylardyr. Indiwidualizm konsepsiýasy buržuaz gatnaşhyklarynyň ýaňy döräýen döwründe feodalizm we katoliki buthananyň hasrat zynjyryndan şahsyýtiň halas bolmagy ugrundaky göreşe belli bir derejede peýdaly rol oýnan hem bolsa, burjuaziýasynyn agalyk ediji synpa öwrülmegi bilen, ol kapytalistik ekspulatisiýa makullaýan idiýalogiýa bolup hyzmat edýär, 19 asyr nemes idealist filasoflary Shtirnerin we Nisshanin ishlerinde I. egoism jynsparazlygyn, shohratparazlygyn in ýokary derejesine ýetilýär. Hemde fashizmin ideýa ýaragyna öwrülýär. Antagonistik synplaryn ýok edilen we shahsy hem-de jemgyýetçilik bähbitleriň utgaşhan ýeri bolan sosialistik jemgyýetde I. kollektiwizm prinşipi bilen çalshyrylýar. Sosiýalistik jemgyýet I-in galyňdylaryny zahmetkeshlerin bähbidini göräýär. Ony kollektiwwizm ruhuňda terbiýeleýärler we onuň hemmetaraplaýýn ösmegi kapilleshmegi üçin ähli shertleri döredýär. Sowet adamlary bir adam üçin, bir adam hemmeler diýen shygar astynda ýashaýarlar we ishleýärler.