Kümmet Gowuz etraby
Kümmet Gowuz etraby (Parsça: شهرستان گنبد کاووس) Eýranyň Türkmensähra sebiti, Gülistan welaýatynyň 13 etrabyndan biridir.
Bu etrap merkez etrapçasy we daşlyburun etrapçasy bolmak bilen 2 etrapçadan ybaratdyr.
Etrap Eýranyň iň köp Türkmen ilatyna eýedir.
Merkez etrapça Agabat, Bağlymarama, Fejir we Sultanaly atly böleklerden ybaratdyr. Bu etrapçanyň şäheri bolsa Kümmet Gowuz şäheridir.
Daşlyburun etrapçasy Etrek we Küren atly böleklerden ybaratdyr we etrapçanyň şäheri de Inçeburundyr.
Bu etrap we Kümmet Gowuz şäheri Ebusehil Mesihi we Seýit Ysmaýyl Cürcany ýaly taryhda ady galan meşhur lukmanlaryn dogduk diýarydyr.
Kümmet Gowuz etraby Eýranda Türkmen at ýaryşlary bilen meşhurdyr.
Eýranyň iň çepermen woleýbolçylary da Kümmet Gowuzda ýaşaýan Türkmen sportsmenlerdir.
Ajygöl, Almagöl we Alagöl bu etrabyň owadan seýlgählerinden bir näçesidir.
Eýranyň hasabat guramasynıň 2006-njy sanawyna görä bu etrabyň ilaty 289.647 adamdyr.
|