Weli Muhatow
Weli Muhatow | |
Doglan wagty we ýeri | Maý 5, 1916 Bagyr obasy,Aşgabat |
---|---|
Aradan çykan wagty we ýeri | Ýanwar 6, 2005 | (88 ýaş)
Käri | kompozitor, režissýor,pedagog |
Milleti | Türkmen |
Uçurym ýeri | Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasy |
Žanrlary | opera |
Ýanýoldaş(lar)y | Adygül Orazowa |
Çagalary | 2 |
Weli(Welimuhammet) Muhatow (1916-2005) — türkmen kompozitory, mugallym we jemgyýetçilik işgäri. SSSR-iň halk artisti(1965). SSSR döwlet baýragynyň iki gezek eýesi (Stalin baýragy) (1951, 1952). SSSR-yň Gahrymany (1986). Türkmenistan SSSR-yň gimniň awtory(1944)
Biografiýasy
[düzet | çeşmäni düzet]Weli Muhatow Aşgabatdaky Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebinde 1929-1933 aralygynda okaýar . 1936-njy ýylda Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň ýanyndaky türkmen bölümine okuwa iberýärler.[1]
Weli Muhadow hem Moskwanyň töwereginde gurulýan goranyş gurluşlaryny gurmak üçin meýletinçileriň hatarynda gidýär. Ol urşa gitmek üçin Aşgabada dolanyp barmak kararyna gelýär. Köşiniň pyýada goşun uçilişesini tamamlandan soňra, ol 1942-nji ýylyň dekabr aýynda 99-njy atyjylyk diwiziýasynyň hatarynda Stalingrad urşuna ugradylýar. Ukrainada diwiziýa öňdäki pozisiýany çykyp, Ýekaterinowka üçin urşa girişýär.
Uruşdan soň
[düzet | çeşmäni düzet]Weli Muhadow parahatçylykly durmuşa gaýdyp gelip, Aşgabatda ukrain kompozitory A.F.Znosko-Borowskiý bilen duşuşýar. Olar bilelikde Koşa Japarowyň librettosyna “Akpamyk” baletine saz ýazýarlar. “Akpamyk” türkmen nusgawy saz eserleriniň taryhyna ilkinji milli erteki-fantastiki balet hökmünde girdi. Ondan soňra kompozitor Adrian Şapoşnikow Weli Muhadowa gülkili opera žanrynda bilelikde işlemegi teklip edýär. Kän wagt geçmän “Kemine we kazy” operasy döredi. Ondan azyrak soňra bolsa – “Zöhre-Tahyryň” ikinji redaksiýasy peýda boldy. A. Şapoşnikow bilen bilelikde işleşmek bilen, Weli Muhadow ýene-de kän zatlary öwrenmelidigine göz ýetirdi. Kyrk ýaşynyň içinde aýaly we iki sany ýaş çagasy bilen Moskwa konserwatoriýa girmäge gidýär. [2]
Weli Muhadow “Türkmen sýuitasyny” konserwatoriýanyň dördünji ýylynda ýazýar. Ol bu eseri üçin SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Onuň okuwynyň bäşinji ýylynda ýazan “Meniň Watanym” atly poemasy - diplom işi hem SSSR-iň Döwlet baýragy bilen bellenildi. Talybyň ýurduň ýokary baýragyna iki sapar mynasyp bolmagy, konserwatoriýanyň bütin taryhyda bolup geçen ýeke-täk ýagdaýdyr.
Esasy Eserleri
[düzet | çeşmäni düzet]- Opera
- «Kemine we kazy» (1947, Adrian Şapoşnikow bilen bile)
- «Zöhre-Tahyr» (1953, Adrian Şapoşnikow bilen bile — ikinji redaksiýasy)
- «Ahyrky Saka» (1967, libretto Çary Aşyrow)
- balet eseri
- «Akpamyk» (1945,Znosko-Borowskiý bilen bile)
- orkestr eserleri
- «türkmen sýuitasy» (1949)
- «Meniňwatan» simfonik poema (1951)
- «simfoniki llýustrasiýa» (1951)
- « Çopan Ogly» aýdym sazly film (1955)
- mukam: №1 «Magtymgulynyň ýadygärligine» (1974), №2 «Gahryman» (1984), №3 «Ejeleri ýatlap» (1985)
- konsertler: fortepýano bilen orkestr üçin (1989), skripka bilen orkestr üçin (1991), wiolençel bilen orkestr üçin (2003)
- Wokal we Simfon gatyşyk
- kantata: «Ýeňiş» (1943), «kommunistik partiýalar barada» (1954), «Bagt» (1954), «Salam Moskwa» (1955), «Lelin barada oýlanma» (1957)
- poema: «Kommunist hakynda kyssa » (1970), «Lenin hakynda aýdym» (1970)
- oda(wasp): «Partiýalar barada» (1976), «Lenin we meniň partiýam» (1982), «Lenin partiýasy hakynda» (1985)
- oratoriýa: «Meniň Aşgabadym» (1981)
- Halk gurallaryndan düzülen orkestr
- «iki hindi pýesasy» (1955), «Poema» (1965), 3 simfonik poema (1965—1982)
- Beýleki eser;eri
- fortepýano üçin—«fuga»(1951),«prelýudiýa»(1951),«improwizasiýa»(1955)
- ses we fortepýano üçin — romanslar, «söýgi» (1947), «Arzuw» (1967), «Güýz» (1970)
- aýdymlar, «Gündogar sesi», «Doganlyk aýdymy», «Parahatlyk aýdymy», «Nebitçi üçin aýdym», «Komsomol aýdym», «Ilkinji söýgi», «Daňdanky aýdym», «Zähmediň sesi», «Lelin barada aýdym», «Parahatlyk aýdymy»
- hory, «wepalylyk» poemaň içinden
- teatr we çeper film üçin duýguly sazlar
Kinofilmdäki sazlary
[düzet | çeşmäni düzet]- Türkmenistan soweti (1950)
- Çopan ogly (1954)
- Maşgala abyraýy (1956)
- Gündogara tarap on ädim (1960)
- Daş-Kaldaky waka (1963)
- Suw hakynda aýdym (dokumental)